2026-2027 TÄZE OKUW ÝYLYNA ÝAZYLYŞYK DOWAM EDÝÄR

OKUW ADAMKÄRÇILIK EDEP

DURY ZEHIN OKUW TOPLUMY

"Hyýallaryň hakykata öwrülýän ýeri..."

DEREJÄŇI BARLA

TEST TABŞYR

Onlaýn test tabşyrmak arkaly daşary ýurt dilleri derejäňi barla

TESTE BAŞLA
MUGT WIDEOLAR

DURYSAHAWAT

Wideo dersleri arkaly bilimiňizi özbaşdak kämilleşdirip bilersiňiz

DURYSAHAWAT
KÖKLERIMIZ WE MAKSAT

BIZ BARADA

Ýörelgämiz – ädimme ädim...
HALYPA-ŞAGIRTLIK DÄPLERI

Duryzehin okuw toplumynyň maksady sagdyn jemgyýetiň özeni bolan maşgala gymmatlyklaryna sarpa goýýan şahsyýetleri kemala getirmek, iş ahlagynyň esasy bolan halypa-şägirtlik däplerine eýerýän, ähli pudaklarda ýurdumyzyň ösüşine itergi berjek ussat hünärmenleriň taýýarlanmagyna goşant goşmak, milli medeniýetimiziň dinamizmini halkara medeniýetler bilen sazlaşykly özleşdiren parahatçylyk ilçilerini ýetişdirmek...

100%
Milli & Halkara Standartlar
6+
Uçursyz Academic Kafedralar
01. ESAS

Missiýamyz

Ylym we tehnologiýanyň gazananlary bilen bezelen äňyny kalbynyň mähirli duýgylarynyň süzgüjinden geçirip ähli hadysalara paýhas bilen çemeleşmegi başarýan dury zehinli nesilleri kemala getirmek...

Paýhas & Innowasiýa
02. NUKDAÝNAZAR

Garaýşymyz

Geljege howalanýan nesillerimiziň bir ganaty bilim bolsa, beýleki ganatynyň edep-ekramdygyna düşünip, olara mynasyp bilim we terbiýe bermek hem-de olaryň Watanymyzyň aýdyň geljeginiň kepilidigine şeksiz ynanmak...

Bilim we Terbiýe
03. AÝRATYNLYK

Gymmatlyklarymyz

Güýjüni dogruçyllyk, adalatlylyk, wepalylyk, asyllylyk, edep-ekramlylyk, irginsiz zähmet, tutanýerlilik, jogapkärçilik, işeňňirlik, pespällilik, erkin döredijilik, keseki garaýyşlara hormat goýmak ýaly gymmatlyklardan alýan hyjuwly nesiller...

Ahlak & Zähmet
OKUW UGURLARY

HYZMATLAR

Duryzehin okuw toplumy diňleýjileriniň ünsüni bilim bilen birlikde döredijilik sungatlaryna hem çekmek bilen gyzykly ýaşamagy öwredýär.

LANGUAGES

DAŞARY ÝURT DILLERI

Iňlis we rus dillerini kämil derejede öwrenmek isleýänler üçin tapylgysyz hazyna bolan daşary ýurt dilleri kafedramyz häzirki zaman usullarda “gepleşmek ukybyny” esas edinýän okuw programmasy bilen beýlekilerden tapawutlanýar.

IŇLIS & RUS DILLERI
IT & GRAPHICS

KOMPÝUTER SOWATLYLYGY

Bu döwürde diploma däl-de hünäre seredilýär. Dürli kompýuter programmalaryny özleşdiren diňleýjilerimiz üçin olaryň gazanan hünäri gazanç çeşmesine öwrüldi. Interýer we eksterýer dizaýny, modelirlemek, mahabat dizaýnlary, wideo montaž bulardan diňe käbirleri...

DIZAÝN & MONTAŽ
EXACT SCIENCES

MATEMATIKA

Ähli ylymlaryň gözbaşy hasaplanýan matematika durmuşda islendik ýerde gabat gelýär. Matematikany gyzykly we durmuşda ulanylýan taraplary bilen öwretmek Duryzehini beýlekilerden tapawutlandyrýar.

LOGIKA WE DERŇEW
FINE ARTS

SURATKEŞLIK

Suratkeşlik sungatyna düşünýänler durmuşda haýsydyr bir zady söz bilen düşündirmegi isrip saýyp, tomlarça kitabyň beýan etmek islän maksadyny birje kagyzyň ýüzüne dürli reňkler arkaly sygdyrmagy başararlar.

ŞEKILLENDIRIŞ
FASHION & DESIGN

DIZAÝNER-MODELÝERLIK

Owadan we göze gelimli egin-eşikleri halamaýan ýokdyr. Olaryň eskizini çyzmakdan başlap, biçmek we tikmek sungatyny öz içine alýan dizaýner-modelýerlik okuwymyzyň diňleýjileri biziň dünýämizi gözelleşdirýärler.

ESKIZ WE BIÇIM
PUBLIC SPEAKING

AKTÝORLYK SUNGATY

Jemgyýetde özüňi dogry alyp barmak, dürs gürlemek, birdenkä mikrofon uzadylanda aljyraman öz pikirleriňi doly we dogry beýan etmek, dünýä we milli tanslary öwrenmek bilen durmuşda owadan we ýerlikli hereket etmek, häzirki zaman kärlerinden bolan bloggerligi mynasyp alyp barmak aktýorlyk sungaty okuwymyzyň diňleýjileriniň çep elinden gelýär.

NOTUK & BLOGGERLIK
ÝYLDA BIR GEZEK

TOMUSKY DYNÇ ALYŞ OKUW MÖWSÜMI – SUMMER CAMP

Duryzehinde tomusky dynç alyş okuw möwsümi mekdep okuwçylarynyň tomus kanikulynda ertirden agşama çenli höwes bilen gatnaşýan däbine öwrüldi. Duryzehin Summer Camp her ýyl üýtgeýän gyzykly programmasy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ony gaýtalamak mümkin däl. Ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalaryň döreýän ýeri...

USURYZ WE MÄHIRLI HALYPALAR

MUGALLYMLARYMYZ

“Şeýle bir özger welin, seni öňden tanaýanlar täzeden tanyşmaly bolsunlar!”

Ömür ýoluny bilim işi bilen badaşdyran tejribeli komandamyz çagalarymyzyň aýdyň geljegi üçin irginsiz, tutanýerli zähmet çekýär. Komandamyz halkara giň dünýagaraýşy, maksat edinen beýik sepgitleri, gyzykly bilim strategiýasy hem-de bilim we döredijilik sungatlaryny bilelikde alyp barmak bilen beýlekilerden tapawutlanýar. Biziň durmuş ýörelgämiz: “Şeýle bir özger welin, seni öňden tanaýanlar täzeden tanyşmaly bolsunlar!”

Miss Belle

Miss Belle

Madam Gizelle

Madam Gizelle

Miss Iris

Miss Iris

Madam Joanne

Madam Joanne

Direktor Gurbangeldiýewa Jeren Çaryýewna

Direktor Gurbangeldiýewa Jeren Çaryýewna

JEMGYÝETÇILIK ÇÄRELERI

ÇÄRELER

Duryzehiniň çäreleri meýletinlik esasyna daýanýar. Çärelerimiz jemgyýetçilik başlangyjy bilen geçirilip, olara gatnaşmak islege baglydyr. Şeýle bolmagyna garamazdan çärelerimizde boş orun tapmak örän kyn. Çärelerimize haýsydyr bir sebäpden gatnaşyp bilmedikler bolsa, möhüm bir zady ýitirendiklerini köňül çuňluklarynda duýýarlar.

24 OKT 2026
ÇÄRE

"DuryzehinTalkzz"

Emeli aň durmuşymyza näçeräk aralaşdy? temasynda iňliş dilinde gepleşik geçirilýär. Gatnaşmak erkin. Gyzyklanma bildirýänler şu ýerde öňünden registrasiya geçip bilerler.

Gülzemin SDAM, 2 gat. "Duryzehin" okuw merkeziniň "Art hall" zaly.
Öňünden ýazylmak maslahat berilýär GATNAŞMAK
11 OKT 2026
ÇÄRE

"STORY TELLING"

"Matilda" atly kitabyň birinji bölümi dürli çareler, sorag-jogaplar we hödür-keremler bilen bilelikde örän gyzykly ýagdaýda iňlis dilinde okalyp, üstünde işlener. 9-15 ýaş aralygyndaky gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ählisi çärämize çagyrylýar. Registrasiýa geçmegi unutmaň!

Gülzemin SDAM, 2 gat. "Duryzehin" okuw toplumynyň "Art Hall" zaly. Wagty: 14:00
Öňünden ýazylmak maslahat berilýär GATNAŞMAK
YLHAM ÇEŞMESI

MAKALALAR

Komandamyzyň döredijilik ylhamlaryndan joşan dürli temaly makalalar siziň düşünje dünýäňize täzeçe öwüşgin çaýar. Makalalaryň aşagynda öz teswirleriňizi goýmagy unutmaň we ýakynlaryňyza we tanyşlaryňyza hem maslahat beriň

20.10.2025 • Arslan Gurbangeldiýew

JOGAPKÄRÇILIK DUÝGUSY

Makalada adamyň öž öňünde duran jogapkärçiligi, maşgalasynyň öňündäki jogapkärçilikleri, jemgyýetiň öňündäki jogapkärçilikleri we Watanynyň öňündäki jogapkärçilikleri barada jikme-jik durlup geçilýär. 12-16 ýaşly çagalarda jogapkärçilik duýgusyny oýarmak üçin iňňän wajyp gollanma bolup hyzmat edip biler.

HEMIŞE ARAGATNAŞYKDA

HABARLAŞMAK

Islendik temada biz bilen habarlaşyň. Professional komandamyz Siziň bilen gysga wagtda aragatnaşyga geçer. Siziň aladalaryňyz, biziň aladalarymyz. Söýenişen ýykylmaz. Bir-biregi goldalyň!

MERKEZI EDARA

Dury Zehin Okuw Toplumy

Salgy

Aşgabat şäheri, "Gülzemin" SDAM, 2-nji gat

Telefon belgilerimiz

+993 12 90-30-08

+993 61 790034

Elektron poçta

duryzehin@gmail.com

Iş tertibi

Duşenbe - Şenbe: 09:00 - 20:00

Biz sosial torlarda

Sorag bermek ýa-da ýazylmak

Aşakdaky formany dolduryň, biziň hünärmenlerimiz gysga wagtda Siziň bilen habarlaşar.

captcha
Maglumatlaryňyz gizlin saklanýar