Adam her bir hereketi ýa‑da hereketsizligi üçin jogapkärçilik çekýär. Hereketimiziň netijesinde dörän ýagdaý bize we daş‑töweregimize täsir edýär. Ýaramaz täsir etse, biziň eden hereketimiz sebäpli adamlara ýa‑da daşky gurşawa, tebigata zyýan ýetse, kim günäkär bolar? Elbetde, biz günäkär bolarys. Eden etmişimiz üçin adamlaryň we kanunyň öňünde “jogap bermeli” bolarys. Ynha, şu “jogap bermek” prosesi barada hereketi etmezden ozal oýlanmak duýgusyna “jogapkärçilik” duýgusy diýilýär.
Onda gowusy, il‑günüň, kanunyň öňünde geljekde jogap bermezlik üçin hiç zadam etmäliň. Hiç zat etmesek, ýalňyşmarys. Jogabam bermeli bolmarys. “Namartja bolam, mertje ölem” edip, jogapkärçilikden daşda dursak has gowy bolmazmy?
Elbetde, bolmaz!
Başda aýdyp geçdik ahyryn, hereket ýa‑da hereketsizlik diýip. Aýdalyň siz ýolda ýeke özüňiz barýarkaňyz bir pişijegiň ýüpe çolaşyp, çykgynsyz, kömege mätäç ýagdaýda ýatanyny gördüňiz. Daş‑töwerekde sizden başga hiçkim ýok. Adamkärçilik kadalaryna laýyklykda siz baryp pişijegi halas etmeli. Ýöne, siz “ol meniň pişigim däl‑ä, näme onuň üçin men jogapkärçilik çekýänmi, eýesi halas edibersin” diýip, kömek etmän geçip gitseňiz, netije‑de pişijege has köp zyýan ýetse, onda siz öz hereketsizligiňiz sebäpli jogapkärçilik çekmeli bolýarsyňyz. “Maňa degmedik ýylan müň ýaşasyn” diýip ýaşaýanlar, jogapkärçilik duýgusyny ýitiren biparh adamlardyr.
Tebigatda diňe adama aň berlipdir. Beýleki janly‑jandarlar eden etmişleri üçin jogapkärçilik çekmeýärler. Emma, adam diňe bir adamlara gönükdirilen hereketlerinde däl, eýsem janly we jansyz tebigatyň öňünde hem jogapkärçilik çekýär. Hat‑da, näsaglyk sebäpli doly aňy bolmadyk adamlar hem jogapkärçilikden boşadylýar. Eger‑de, pikirlenip bilýän bolsak, özümizi sagdyn adam hökmünde görýän bolsak, onda biz jogapkärçilik duýgymyzy has‑da kämilleşdirmelidiris. Nädip kämilleşdirmeli?
Elbetde, oýlanmak bilen.
Öz‑özümize soraglar bermeli. Men kim? Ilki bilen adam. Onda her bir hereketimiz adam şekilli bolmaly, haýwanlara we ösümliklere mahsus hereketlerden daşda durmaly. Öz öňümizde duran jogapkärçiliklerimizi ýerine ýetirmeli. Bedenimizi arassa saklamaly, saglygymyzy berkitmeli, aňymyzy ylymlar bilen bezemeli. Ruhumyzy belentde tutmaly, ruhyçökgünlige ýol bermeli däl. Aýaklarymyzy ýaramaz ýerlere gitmekden, ellerimizi ýaramaz işleri etmekden, gözümizi ýaramaz zatlara tomaşa etmekden, dilimizi ýaramaz sözleri aýtmakdan, gulagymyzy ýaramaz gybatdyr‑töhmetleri eşitmekden goramaly. Aňymyza duýgylarymyz arkaly ýaramaz maglumatlaryň girmeginiň öňüni almaly.
Eger‑de, sen adam bolsaň, onda daş‑töweregiň aladasynda bolmak, tebigaty goramak, haýwanlary goramak, esasanam edil özüň ýaly aň berlen adamlaryň aladalary bilen aladalanmak seniň jogapkärçiligiňde. Öý haýwanlaryňyzy naharlanyňyzda olaryň iýmit üçin bir‑birlerini nähili depeläp barýandyklaryny görensiňiz. Sebäbi, olaryň aňy ýok, depeleýäniniň doganydygyny bilmeýär.
Meniň babam Amangeldi aga SSSR döwründe Aşgabadyň etegindäki Ýalkym obasynda kolhoz başlygy bolan. Uruş ýyllaryndan ýaňy çykan ilat, urşuň yz ýany güýçli ýer titremesiniň getiren kynçylyklaryna sezewar bolýar. Şonda, Amangeldi aga açlykdan kösenýän hojalyklara kolhozyň süýt berýän sygyrlaryndan paýlaýar we sygyrlaryň süýdüni sagynyp, mallara gowy seredip, olary öldürmezligi tabşyrýar. Adamçylygyny ýitiren öz garyndaşlarynyň biri muny Moskwa arz edýär. “Kommunizm baýlaryň mallaryny olaryň elinden alyp kolhoza berdi we hemmelere deňlik etdi. Amangeldi başlyk bolsa, ol mallary yzyna halka paýlap ýör” diýip ýazypdyr. Amangeldi aga Moskwadan gelen barlagçyny, mallary beren hojalyklaryna eltip, olaryň ýaşaýyş şertlerini, çagalarynyň horlugyny görkezipdir we “Men şol sygyrlary şu hojalyklara bermedik bolsam, bu çagalar açlykdan ölerdi. Kommunizm üçin sygyr gymmatlymy ýa‑da adam?” diýip jogap beripdir. Amangeldi aga kolhoz başlygy bolansoň öz garamagyna degişli adamlaryň jogapkärçiligini çuňňur duýup, olar barada aladalanyp, olary açlykdan alyp çykypdyr. Häli‑şindi hem şol obadan adamlar bilen tanyşanymda özümiň Amangeldi aganyň agtygydygymy aýdanymda, “Bizi açlykdan çykaran Amangeldi agadyr” diýip, maňa aýratyn hormat goýýandyklaryny duýýaryn.
Ikinjiden sen bir maşgalanyň agzasy. Haýsydyr bir belli familiýany göterýärsiň. Seniň bilen birlikde şol familiýany ejeň‑kakaň, doganlaryň we dogan‑garyndaşlaryňam göterýär. Diýmek, sen olaryň öňünde hem jogapkär. Seniň haýsydyr bir jogapkärçiliksiz eden ýaramaz hereketiň seniň maşgala agzalaryň abraýyna şek ýetirip biler. Sen özüň ýaramaz hereketden saklanmak bilen bir hatarda, olaryň hem ýaramaz hereketlerden saklanmaklaryny gazanmagam ýene‑de seniň jogapkärçiligiňde. Sebäbi, olaryň jogapkärçilik duýmazdan eden hereketleri seniň hem abraýyňa şek ýetirip biler. Diýmek, elmydama ýakynlarymyzyň hal‑ýagdaýlaryndan habarly bolmaly, olaryň aladasy bilen aladalanmaly we olaryň ýalňyş ýollara gitmekleriniň öňüni almaly. “Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok” etmeli däl. Kim ýykyljak bolsa, dürli usullar oýlap‑tapyp, oňa tekge bolmaly, direg bolmaly, el uzatmaly.
Siziň okaýan ýeriňiz hem bir maşgala. Ony beden diýip göz öňüne getirseňiz, siz ol bedeniň agzalary. Bedeniň haýsydyr bir agzasy agyrsa, tutuş beden yza çekýär. Sag eli agyrsa, çep el “aý ol el agyryp dur, maňa bildirenoklaý, agyrsa agyrybersin” diýenok. Bir‑birimiziň aladasy bilen aladalanmaly, okuwa ýetişigi bilen gyzyklanmaly. Sebäbi, biziň içimizden birimiz okuwynda yza galsa, ýaramaz bir endik edinse, ýa‑da görünmesiz ýerde görünse “hää, pylan ýeriň okuwçysy” diýlip tutuş okuw merkezine we ol ýerde bile okaýanlarynyň mertebesine zelel ýetirmegi mümkin.
Üçünjiden biz bir ýurduň raýaty. Diýmek, biz öz ýurdumyzyň aladasyny etmeli. Dünýä arenasynda özüne mynasyp ýerini almagy üçin gije‑gündiz okamaly we işlemeli. Sebäbi, bizden ozal ösüp giden ýurtlar bar. 13‑nji asyrdan bäri biz öz topraklarymyzda döwlet gurup bilmändiris. Tire‑taýpa düşünişmezlikleri, kiçi‑kiçi hanlyklaryň özara göreşleri bilen başagaý wagtymyz Günbataryň we Gündogaryň belli ýurtlary ylymda, senagatda, medeniýetde we tehnologiýada bizden ep‑esli ozdurypdyrlar. Yzagalaklyk ýazgyt däl. Ol biziň ýaşaýyş obrazymyzyň netijesi. Şu aýdylýan sözler 8 asyra golaý agyzlaryny birikdirip bilmedik ata‑babalarymyz üçin abraý däl. Eger‑de, bizden soňky nesiller hem biz barada buýsançly sözler däl‑de, tankydy sözler aýtsalar bize ýaramasa gerek. Onda biziň diňe bir ýurdumyzyň we döwürdeşlerimiziň öňünde jogapkarçiligimiz bolman, eýsem geljekki nesillerimiziň öňünde hem jogapkärçiligimiz bar.
Geljekki nesilleriň öňünde jogapkarçiligimiz bolşy ýaly taryhyň öňünde hem jogapkärçiligimiz bar. Magtymguly atamyz ýaly bu meseläniň derdini çeken ata‑babalarymyzyň eden yhlasynyň öňünde biziň jogapkärçiligimiz bar.
Geliň ýaşymyzyň kiçidigine garamazdan, bir mahallar 7 jahana hökmüni ýöreden ata‑babalarymyzyň öňünde, jogapkärçiligimizi duýup, okalyň, işläliň. Birek‑birege goldaw bolup, jahana ýaň saljak şeýle ajaýyp bir döwür döredeliň welin täze dessanlara tema bolsun.
Teswirler (1)
Ýeňiljek başlap, agyr tamamlanýar.
Teswir ýazmak